Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohany kasam kabul edende Ýewropany öwdi, ABŞ-a hüjüm etdi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ikinji möhlete kasam kabul etdi.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ikinji möhlete kasam kabul etdi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani özüniň kasam kabul ediş dabarasynda ýewropa resmileriniň bolmagyny taryplap, bu kontinentiň Tähran bilen gatnaşyklaryny giňeltmek aýgydyny görkezdi diýdi.

Şeýle-de Rohani5-nji awgustda, 2015-nji ýylydaky ýadro ylalaşygyny bozjak bolmakda aýyplap we prezident Donald Trampa onuň Tähran babatdaky syýasaty bilen öz syýasy durmuşyny “bozýandygyny” duýduryp, Birleşen Ştatlara hüjüm etdi.

Degişlilikde aram ruhany bolan we 19-njy maýdaky saýlawlarda gaýtadan saýlanan Rohani (68 ýaşynda) 100-den gowrak daşary ýurtly myhmanyň gatnaşmagynda, uludan tutulan dabarada öz ikinji möhlet prezidentligi üçin kasam kabul etdi.

Rohani özüniň telewideniýede berlen çykyşynda Eýranyň “dünýä bilen bilelikde we özara hyzmatdaşlykda ýaşamak ýoluny” dowam etdirmegi wada berdi. Emma ol Tramp barada hem durup geçdi, ol onuň 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygynyň şertlerini bozýandygyny aýdypdy. Bu ylalaşyk netijesinde, sanksiýalaryň gowşadylmagynyň deregine, Eýran öz ýadro programmasyny jylawlapdy.

"Ýadro ylalaşygyny bozmak isleýänler öz syýasy durmuşyny bozjakdygyny bilmeli” diýip, Rohani Trampa gönükdirilen sözlerinde aýtdy.

ABŞ Tährany global terrorçylygyň esasy howandary we sebitiň durnuksyzlaşdyrjysy hökmünde uzak wagt bäri günäleýär, goranmak sekretary Jim Mattis Eýrany “dünýäde terrorçylyga howandarlyk edýän ýeke-täk iň uly döwlet” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG