Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-nyň 2 müň jeňçisi Rakkada saklanmaga çalyşýar


ABŞ-nyň Yrakdaky we Siriýadaky YD-nyň garşysyna söweşýän halkara koalisiýasyndaky ýörite wekili Brett McGurk
ABŞ-nyň Yrakdaky we Siriýadaky YD-nyň garşysyna söweşýän halkara koalisiýasyndaky ýörite wekili Brett McGurk

ABŞ-nyň uly derejeli resmisi “Yslam döwleti” toparynyň 2 müň çemesi jeňçisiniň Siriýanyň Rakka şäherinde, ekstremistleriň burduň demirgazygyndaky soňky mesgeninde aman galmak üçin söweş gurýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Yrakdaky we Siriýadaky YD-nyň garşysyna söweşýän halkara koalisiýasyndaky ýörite wekili Brett McGurk ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky arap-kürt ýaranlygy şäheriň 45 prosent çemesini jeňçilerden yzyna aldy we has ilerlemekçi bolýar diýdi.

Aýratynlykda, Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 5-nji awgustda Siriýanyň hökümet güýçleriniň Homs welaýatyndaky uly şäheri, Al-Suhnany YD jeňçilerinden yzyna alandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG