Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Kandahar howa bazasynda owgan içerki hüjümçisi öldürildi


Kandahar, garawulda duran owgan esgeri
Kandahar, garawulda duran owgan esgeri

Günortadaky Kandahar welaýtynda bir owgan polisiýa ofiseri 5-nji awgustda içerki hüjüm sebäpli öldürildi diýip, NATO we owgan resmileri aýtdy.

NATO-nyň ýolbaşçylygygyndaky aýgytly goldaw missiýasy beýanat çap edip, polisiýa ofiseriniň NATO geňeşçileri tarapyndan, ol heniz özleriniň Kandahar howa bazasynyň golaýyndaky güýçlerine hüjüm etmezinden öň öldürilendigini aýtdy.

Beýanatda bu hadysanyň geňeşçiler hukuk goraýjylar üçin bellenen türgenleşik sapagyny tamamlanlaryndan soň bolandygy, bazalaryna dolanmaga taýýarlanýan wagty bir polisiýa ofiseriniň olara hüjüm edendigi aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda atyşyk mahalynda bir rumyniýaly esgeriň we bir owgan polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygy habar berilýär.

AFP habar gullugy polisiýanyň sözçüsi Abdul Hamid Mubareze salgylanyp, daşary ýurt goşunlarynyň owgan polisiýa ofiserleri bilen bolan “dil çaknyşygyndan” soň, polisiýa güýçlerini oka tutandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady.

XS
SM
MD
LG