Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Owganystanda “Talyban” 7 polisiýa ofiserini öldürdi


Sari Pul gubernatorynyň sözçüsi Zabihullah Amani
Sari Pul gubernatorynyň sözçüsi Zabihullah Amani

“Talyban” azyndan 7 sany owgan polisiýa ofiserini atyp öldürdi, olar jeňçi topar tarapyndan demirgazyk welaýat Sari Pulda bolan söweş wagtynda ýesir alnypdy diýip, ýerli resmi aýtdy.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Zabihullah Amani 5-nji awgustda bu polisiýa ofiserleriniň “Talyban” tarapyndanSaýad etrabyndaky Mirzawalang diýen ýerde ýesir alnandygyny aýtdy.

Şeýle-de Amani “Talybanyň” 5-nji awgust güni irden, owgan howpsuzlyk güýçleri bilen iki güne çeken gazaply söweşden soň, Mirzawalang töweregini ele geçirendigini aýtdy.

Sözçi 10 sany talyban jeňçisiniň, şol sanda iki sany topar lideriniň öldürilendigini, owgan howpsuzlyk güýçleriniň dört esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG