Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Hökümet resmisiniň agtygy adam heläkçilikli ýol hadysasy sebäpli tussag edildi


Baku
Baku

Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Ali Hasanowyň agtygy adam heläkçilikli ýol hadysasy sebäpli tussag edildi.

Içeri işler ministrliginiň 7-nji awgustda aýtmagyna görä, Nail Allahwerdiýew dört aýlyk derňewleriň möhletine laýyklykda deslapky tussaghana iberilipdir.

Ministrligiň beýanatyna görä, Allahwerdiýew 3-nji awgustda Bakuda “Mercedes SUV” kysymly ulagly barýarka iki adamyň ölümine we iki adamyň ýaralanmagyna getiren ýol heläkçiligine duçar bolupdyr.

Şeýle-de şol hadysa gatnaşan ýene bir ulagyň sürüjisi Mirmahammat Ismaýilowyň hem deslapky tussaghanada saklanýandygy aýdylýar.

Resmi beýannamada "döwlet baştutany tarapyndan edilen belli talaplary äsgermedik we jemgyýete açyk hormat goýmaýan, kanunlary hem düzgünleri gödek bozýan döwlet resmileri we olaryň maşgala agzalary babatynda iň berk çäreler” görüler diýilýär.

XS
SM
MD
LG