Sepleriň elýeterliligi

Baku: Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň gepleşikleri geçirildi


Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri Gurbanguly Berdymuhamedow (ç) we Ilham Aliýew (s), Baku, 19-njy maý, 2008

Bakuda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň arasynda 8-nji awgustda geçirilen gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakynda deklarasiýa gol çekilendigi habar berilýär.

Şeýle-de, graždan goranyş, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hyzmatdaşlyk, deňiz söwda gatnawy, senagat emlägini goramak, awtorlyk hukugyny we tebigaty goramak boýunça hökümetara derejesinde ylalaşyklaryň baglaşylandygy habar berilýär. Pudakara derejesinde syýahatçylyk we salgyt pudaklaryna degişli hyzmatdaşlyk barada dokumente gol çekildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Içeri işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda dokumente gol çekildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň 8-9-njy awgustda Azerbaýjana edýän iki günlük resmi saparynyň dowamynda ýurtlaryň halkara guramalarynyň çägindäki aragatnaşyklaryna, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, bilelikdäki energiýa we transport-tranzit proýektleriniň amala aşyrylmagyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahat edilmeginiň, şeýle-de Hazar meselesi we medeni-gumanitar ugurdan partnýorlygy ösdürmek barada pikir alyşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berilipdi.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatyna görä, 2007-2017-nji ýyllaryň arasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda 4 sany ýokary derejeli sapar geçirilipdir we häzirki wagtda döwletara partnýorlygy gol çekilen 52 dokumente esaslanylýar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň iýun aýynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG