Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet amerikan dollaryna we kredit kart sistemasyna garaşlylygyny azaltmakçy


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Orsýet ABŞ-nyň girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde amerikan dollaryna we kredit kart sistemasyna bolan garaşlylygyny azaltmak boýunça tagallalaryny tizleşdirer diýip, 7-nji awgustda ýokary derejeli orsýet diplomaty aýtdy.

Dünýäde gazyň, nebitiň we çyg malyň söwdasy esasan amerikan dollarynda amala aşyrylýar we sanksiýalar esasan Orsýetiň energiýa sektoryna urgy bolýar.

“Biz elbetde importyň öwezini dolmak, ABŞ-nyň töleg sistemasyna, dollara garaşlylygyny azaltmak we puly durnuklandyrmak boýunça işleri batlandyrarys. Bu iňňän wajyp zerurlykdyr” diýip, Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow “Meždunarodnaýa žizn” atly žurnalda 7-nji awgustda çap bolan interwýusynda aýtdy.

Rýabkow Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasynyň soňuna çykmak we Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşunda ýurduň hökümetini goldamagyny bes etmek boýunça sanksiýalaryň öz maksadyna ýetmejegini belledi.

XS
SM
MD
LG