Sepleriň elýeterliligi

Pekin BMG-niň Phenýana garşy sanksiýalaryndan ýitgi çekmäge taýýardygyny aýtdy


Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi

Pekin BMG-niň Phenýan babatynda girizýän täze sanksiýalaryndan Demirgazyk Koreýa bilen öz ýakyn ykdysady aragatnaşyklary sebäpli köp ýitgi çekýän hem bolsa muňa taýýardygyny aýtdy.

Manilada geçirilen howpsuzlyk forumynda 8-nji awgustda eden çykyşynda Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýiniň aýtmagyna görä, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Phenýany raketa synaglaryny geçirmekden saklamak üçin dynç günlerinde makullan täze sanksiýalary Demirgazyk Koreýanyň eksportunyň çäklendirilmegine gönükdirilýär we şol eksportyň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşýär.

“Hytaýyň Demirgazyk Koreýa bilen adaty ykdysady gatnaşyklary sebäpli rezolýusiýanyň durmuşa geçirilmeginiň esasy bahasyny Hytaý tölemeli bolar” diýip, Wangyň aýdandygy habar berilýär.

Hytaý Demirgazyk Koreýanyň hökümetine garşy ABŞ tarapyndan öňe sürülýän has berk sanksiýalary goldaýar, şol bir wagtda-da Demirgazyk Koreýanyň adaty raýatlary bilen “kadaly” söwda zyýan ýetirilmeli däldigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG