Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň sudy žurnalist Ali Feruzyň Özbegistana deportasiýasyny yza tesdirdi


“Nowaýa gazeta” neşriniň habarçysy Ali Feruz (Surat: Vlad Doşin, "Nowaýa Gazeta")

Orsýetiň şikaýat sudy žurnalist Ali Feruzyň Özbegistana deportasiýa edilmegini yza tesdirdi. Adam hukuklaryny goraýjylar Feruzyň Özbegistana tabşyrylan ýagdaýynda häkimiýetleriň elinde oňa tussaglyk, gynamalar ýa-da ölüm howpunyň abanýandygyny aýdýarlar.

Moskwanyň sudunyň 8-nji awgusta çykaran kararyna görä, “Nowaýa gazeta” atly garaşsyz neşriniň habarçysy Feruz Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy (ECHR) onuň şikaýatyna garaýança deportasiýa edilip bilinmeýär.

Ali Feruzyň hakyky ady Hudoberdi Nurmatow. 1-nji awgustda Moskwanyň sudunyň çykaran karary onuň immigrasion kanunlary bozmagy bilen bagly aýyplamalara esaslanyldy.

4-nji awgustda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy Feruzyň Özbegistana ugradylmagyny gadagan etdi.

Orsýetde doglan Feruzyň ejesi we iki dogany Orsýetiň raýatlary. Onuň özi 17 ýaşynda Orsýeti terk edip, Özbegistanyň raýatlygyny kabul edipdi.

Žurnalist 2008-nji ýylda özbek howpsuzlyk güýçleri bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürip, iki günläp tussaghanada gynamalara sezewar edilenden soň Özbegistany terk edendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG