Sepleriň elýeterliligi

Parižde awtoulag esgerleriň üstüne sürüp altysyny ýarady


Lewallois-Perret , Pariž, 9-njy awgust, 2017

9-njy awgustda Parižiň demirgazyk-günbatarynda awtoulagyň harby patrulyň üstüne sürmegi zerarly alty sany esger ýaralandy, olaryň ikisi agyr ýagdaýda diýip, polisiýanyň metbugat-wekili aýtdy.

Ulag sürüjisi hadysanyň bolan ýerini terk edipdir. Hadysa ir sagat sekizde Fransiýanyň paýtagtynyň Lewallois-Perret böleginde ýüze çykdy.

Fransiýada 2015-nji ýylyň noýabr aýynda bolan birnäçe hüjümlerden soň adatdan daşary ýagdaý saklanýar.

5-nji awgustda öň ruhy keseli sebäpli bejergi alan 18 ýaşly adam Eiffel diňinde “Allahu Akbar” diýip pyçagyny çykaranda tussag edildi.

Ol derňewçilere esgeri öldürmek isländigini aýtdy.

Fewral aýynda maçete bilen ýaraglanan adam Parižiň Louwre muzeýinde dört sany esgere topulypdy.

Aprel aýynda Parižde polisiýa hüjüm eden ýene bir adam atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG