Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan ABŞ-nyň Guam adasyna raketaly hüjüm etmek haýbatyny atýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Ýuwaş okeanyndaky Guam adasyna raketaly hüjüm etmek boýunça mümkinçilikleri “içgin öwrenýändigini” 9-njy awgustda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islendik howplaryň “ot we gazap” bilen garşy alynjagyny Phenýana duýdurmagyndan birnäçe sagat yzýany mälim etdi.

Demirgazyk Koreýa öz maksatlarynyň ABŞ zarba urmaga ukyply ýadro göteriji raketalary döretmekden ybaratdygyny we özüniň ýadro hem raketa programmalaryndan el çekmegine gönükdirilen halkara sanksiýalaryna garşy göreşýändigini aýtdy.

Orta aralyga niýetlenen ballistik raketanyň zarbasy islendik pursatda lider Kim Jong Un karar edensoň amala aşyrylyp bilner diýip, Demirgazyk Koreýanyň goşunynyň metbugat wekili ýurduň KCNA täzelikler agentligi arkaly ýaýradan beýanatynda aýtdy. Ol zarbanyň “ABŞ-nyň Guamdaky esasy harby bazasyna gönükdiriljekdigini” aýtdy.

Şeýle-de, Demirgazyk Koreýa ABŞ-ny “prewentiw urşa” taýýarlanmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG