Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň iş başyndan çekilen premýer-ministri Şarif ýörişe başlady


Pakistanyň iş başyndan çekilen premýer-ministri Nawaz Şarif hökümet agzalary bilen, Yslamabad, 9-njy awgust, 2017.

Pakistanyň iş başyndan çekilen premýer-ministri Nawaz Şarif özüniň syýasy täsirini görkezmäge niýetlenilen iki günlük ýörişe başlady. Şarif Pakistanyň sudunyň ony öz girdejileri barada hasabat bermezlikde aýyplap, çykaran kararyna görä, geçen aýyň aýagynda hökümet başyndan çekilipdi.

Şarif “kerwen” gurap Yslamabatdan öz dogduk regiony Lahora tarap 400 kilometrlik ýola çykdy.

Şarifiň müňlerçe tarapdary ýörişe goşulyp, kerweniň geçýän ýolunda çadyr gurdular we Şarifiň märekäniň öňünde çykyş etmegi üçin taýýarlyk gördüler.

Bu çäre berk howpsuzlyk şertleriň berjaý edilmeginde geçirilýär. Yslamabadyň we Lahoryň arasyndaky ýolda köp sanly polisiýa we ýarym harby toparlaryň agzalary ýerleşdirildi.

67 ýaşly Şarif hökümet baştutany wezipesinden 28-nji iýulda Baş suduň Panama dokumentleriniň esasynda öňe sürlen korrupsiýa bilen bagly aýyplamalar boýunça karar çykarmagynyň yzýany çekildi.

XS
SM
MD
LG