Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: YD-nyň söweşijisi bolmakda güman edilýän orsýetliniň tussag edilendigi aýdylýar


Injirlik howa bazasy, Türkiýe

Türkiýäniň media maglumatlarynda kanuny goraýjy häkimiýetleriň “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijisi bolmakda güman edilýän orsýetliniň tussag edendigi, onuň Injirlik howa bazasynda ABŞ-nyň uçaryna sürüjisiz dron uçary arkaly hüjüm etmegi planlaşdyrmagynyň güman edilýändigi habar berilýär.

Maglumatlarda ady agzalmadyk resmä salgylanyp, habar berilişine görä, Ruslan Bakiýew diýlip tanadylan Orsýetiň raýaty Adana şäherinde Injirlik howa bazasynyň daşyny “öwrenen” wagtynda tussag edilipdir.

Şeýle-de maglumatlarda Bakiýewiň alewi musulmanlaryň jemgyýetine hüjüm boýunça dildüwüşik gurnamakda güman edilýändigi aýdylýar.

NATO-nyň agzasy Türkiýe we ABŞ-nyň howa güýçleri Injirlik howa bazasyndan Siriýada we Yrakda YD toparyna garşy alyp barýan kampaniýasynda peýdalanýarlar.

Türkiýäniň Haberturk telekanaly Bakiýewiň geçmişde Siriýada geçmäge synanyşandygy sebäpli Türkiýeden deportasiýa edilendigini habar berýär.

Orsýetiň Ankaradaky ilçihanasy ýagdaýy öwrenýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG