Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan goňşulary bilen has ýakyn gatnaşyk gözleýär


Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow

Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Daşkentiň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak boýunça niýetini ýene-de tassyklady.

Kamilowyň 11-nji awgustda aýtmagyna görä, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Yslam Kerimowyň ýogalmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçen prezident Şawkat Mirziýaew ilkibaşdan “iňňän möhüm meseleler” boýunça “regionyň ähli ýurtlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň” tarapdary boldy.

“Biz ähli goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýar” diýip, Kamilow aýtdy.

25 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýurdy dolandyran Kerimowyň goly astynda Özbegistan öz goňşulary bilen serhet dawasy, etnikara konfliktleri, suw dawasy hem energiýa resurslarynyň eksporty bilen bagly konfliktleri başdan geçiripdi.

Mirziýaýew goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary aktiwleşdirmek ugrunda käbir ädimleri amala aşyrdy. Dekabr aýynda Özbegistanyň prezidenti saýlanandan soň Mirziýaýew ilkini saparyny Türkmenistana etdi.

XS
SM
MD
LG