Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Phenýanyň haýbatyna beren öz jogabynyň "belki ýeterlik derejede berk' bolmandygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eger Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlara ýene haýbat atsa “ot we gazap bilen kabul ediljegi” barada 10-njy awgustda eden beýanatynyň "belki ýeterlik derejede berk” bolmandygyny aýtdy.

Tramp özüniň gepleşiklere seredýändigini we Phenýanyň “örän, örän ynjalyksyz” bolmalydygy, Nýu Jerseýdäki öz golf klubunda dynç alýan wagtynda žurnalistlere aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un “biziň ýurdumyzy uludan sylamady. Ol elhenç zatlary aýtdy” diýip Tramp aýtdy.

Demirgazyk Koreýa Ýuwaş okeandaky Guam adasyna orta aralyga niýetlenen ballistik raketalary bilen zarba urmak we Ýapon adalaryna dört sany raketany atmak boýunça planlaryny jemlemek barada haýbat atdy.

XS
SM
MD
LG