Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Trump Putine diplomatik işgärleriniň sanyny azaltmak talaby üçin minnetdarlyk bildirdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç)

Prezident Donald Trump Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik missiýalarynda işgärleriň sanyny çäklendirmek hakyndaky talabyna özüniň ähmiýet bermeýändigini mälim edip, Putine minnetdarlyk bildirdi we munuň Birleşen Ştatlaryň aýlyklar üçin çykdajylaryny azaltmaga ýardam berjegini aýtdy.

Trampyň 10-njy awgustda dynç alyş wagtynda žurnalistlere aýdan bu sözleri Putiniň ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçihanasynyň we konsulhanalarynyň 1200 adamdan ybarat işgärleriniň sanyny 755 adamlyk kemeltmegi talap edip, 30-njy iýulda eden çykyşyna ilkinji jogaby boldy.

Bu çykyşlar Orsýetiň ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagy baradaky çaklamalar boýunça derňewleriň geçirilýän wagtyna gabat geldi.

Orsýet ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny azaltmak barada eden talabyny Waşingtonyň sanksiýalary girizmek hakynda täze kanuny kabul etmegine jogap hökmünde yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG