Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň 'bosgunlyk tejribeleri'


Türkiýe türkmenistanly migrantlaryň agdyklyk edýän esasy ýurdy bolup durýar.

Türkiýe türkmenistanly migrantlaryň agdyklyk edýän esasy ýurdy bolup, olaryň aglaba köpçüligi köne pasportly we bikanun ýagdaýdaky migrantlar diýip bilinýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysyna ýüz tutýan türkmen migrantlary köne pasportly, bikanun ýagdaýlaryna çäre gözläp, bosgunlyga ýüz uran ildeşleriniň tejribeleri bilen gyzyklanýarlar.

Azatlyk Radiosy türkmen migrantlaryndan gelýän islegleri nazarda tutyp, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny türkmen migrantlarynyň bosgunlyk tejribelerine gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlaryndan Arzuw türk raýatyna durmuşa çykan türkmen gyz-gelinleriniň bosgunlyk ýagdaýy barasynda maglumat berýär; Arslan bolsa, Türkmenistandan maşgalaly gelen ýa-da özbaşdak bosgun bolmak isleýän türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän tejribelerini gürrüň berýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky garaýyşlaryňyz bilen tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň 'bosgunlyk tejribeleri'
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:50 0:00

Teswirleri gör (15)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG