Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda býujet edaralary üçin pudagara tender komissiýasy döredilýär


Aşgabat, býujet edaralarynyň tabşyrmagynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary.
Aşgabat, býujet edaralarynyň tabşyrmagynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary.

Türkmenistanda, býujet edaralarynyň zerurlyklary üçin haryt üpjünçilerini seçmek boýunça tender geçirmegiň düzgünlerini kadalaşdyrmak maksady bilen, pudagara tender komissiýasy döredildi diýip, “Türkmenistan.ru” internet gazeti habar berýär.

Bu komissiýa baradaky karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde gol çekdi.

Gelen karara laýyklykda, täze döredilen pudagara tender komissiýasy döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ministrlikler we pudak edaralary, şeýle-de býujet serişdelerinden töleg edilýän gurluşyk işleri üçin haryt üpjünçilerini tender esasynda seçip alar.

Türkmenistan soňky ýyllarda energiýa nyrhlarynyň arzanlamagy, iki sany iri gaz alyjysyny ýitirmegi bilen ykdysady kynçylyk çekýär we döwlet harajatlaryny we importy azaltmaga, eksporty köpeltmäge çalyşýar.

XS
SM
MD
LG