Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putine Russiýadaky ABŞ diplomatlaryny kemeldeni üçin sagbol aýdanda 'degşendigini aýdýar


Germaniýa, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus kärdeşi Wladimir Putin bilen görüşýär.
Germaniýa, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus kärdeşi Wladimir Putin bilen görüşýär.

ABŞ-nyň prezident Donald Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine Russiýadaky amerikan diplomatlarynyň sanynyň düýpli azaldylmagy barada beren buýrugy üçin, ABŞ-nyň puluny tygşytlaýandygy sebäpli, sag bol aýdanda, özüniň oýun edendigini aýtdy.

Tramp 11-nji awgustda žurnalistler onuň bir gün ozal Putine ABŞ-nyň döwlet departamentiniň aýlyk çykdajylaryny kemeldendigi üçin “uly” gadyr goýýandygy barada aýdan sözleriniň kinaýa bilen aýdylyp-aýdylmandygyny soranlarynda, “kesgin kinaýa bilen” diýip jogap berdi.

Ak tamyň metbugat sekretary Sarah Sanders hem 11-nji awgustda twitterde Trampyň bu sözleri ýaňsylap aýdandygyny belledi.

Putin geçen aý, amerikan Kongresi Moskwa garşy sanksiýalary berkidýän täze kanuny tassyklandan soň, ABŞ-nyň Russiýadaky 1200 çemesi diplomatynyň 755-siniň kemeldilmegini buýurdy.

XS
SM
MD
LG