Birleşen Ştatlar Owganystanda urlan amerikan howa zarbasynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň ýerli lideriniň we ýene birnäçe komandiriniň öldürilendigini aýdýar.
Kabuldaky amerikan harbylarynyň beýanatyna görä, 10-njy awgustda urlan zarbada öldürilen YD lidreriniň ady - Abdul Rahman, ABŞ harbylary ony Yrakdaky we Siriýa-Horasandaky “Yslam döwleti” toparynyň Kunar welaýatyndaky emiri diýip tanaýarlar.
Kunar welaýatynyň Peç deresine urlan zarbada öldürilenleriň arasynda “Yslam döwleti” toparynyň ýene üç sany uly komandiri bar diýip, ABŞ harbylarynyň 13-nji awgustda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de beýanatda YD-nyň öňki lideri Abu Sayediýul aýynda ABŞ howa zarbasynda öldürilenden soň, Rahmanyň bu toparyň liderligine esasy kandidat bolandygy aýdylýar.
ABŞ harbylary 11-nji awgustda gündogardaky Nangarhar welaýatynda urlan howa zarbasynda asuda ilatdan 16 adamyň öldürilendigi baradaky habarlary ret etdiler, bu operasiýada diňe jeňçileriň öldürilendigini aýtdylar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?