Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran parlamenti raketa programmasyna maliýe goldawyny artdyrýar


Eýran parlamentiniň spikeri Ali Larijani

Eýranyň parlamenti, Birleşen Ştatlaryň golaýda girizen sanksiýalaryna jogap edip, ýurduň raketa programmasyna we Rewolýusiýa gwardiýasy korpusyna goýberilýän harajatlary ýokarlandyrmak baradaky kanun taslamasyna başlangyç tassyknamasyny berdi.

Kanun çykaryjylar 13-nji awgustda “Amerikanyň terrorçylykly we awantýuristik hereketlerine garşy durmak” baradaky kanun proýektiniň taslamalaryny aglaba köplükde tassykladylar we käbirleri “Amerika ölüm” diýen şygara hem gygyrdy” diýip, döwlet kontrollygyndaky telewideniýe habar berdi.

"Amerikanlar munuň biziň ilkinji hereketimizdigini bilmeli” diýip, parlamentiň spikeri Ali Larijaniniň aýdan sözleri döwlet mediasynda sitirlendi.

Bu çäre ABŞ-nyň Eýrana onuň raketa programmasy we raketa synaglary üçin girizen täze sanksiýalaryna jogap hökmünde görülýär.

Eýran bu raketalaryň 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini bozmaýandygyny, olaryň goranyş maksatlydygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG