Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegi maslahat ediler


TOPH proýektiniň kartasy
TOPH proýektiniň kartasy

14-nji awgustda Nýu Delide Türkmenistanyň we Hindistanyň söwda, ykdysadyýet, ylym we tehnologiýa ugurlardan özara hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komissiýasynyň maslahatynda TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegine degişli meseleleriň maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň media maglumatlaryna görä, maslahatyň gün tertibi iki ýurduň söwda-ykdysady, transport-aragatnaşyk, ýangyç-energiýa, himiýa we derman senagat pudaklaryna degişli aragatnaşyk bilen bagly meseleleri öz içine alýar. Şeýle-de, ýurtlaryň özara gatnaşyklarynda ileri tutulýan meseläniň transportdygy aýdylyp, Demirgazyk-Günorta halkara tranzit-transport koridory boýunça hyzmatdaşlyga serediljegi habar berildi.

Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar.

Umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň 85%-ni maliýeleşdirmegi resmi Aşgabat öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG