Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan garaşsyzlyk gününi korrupsiýany ýok etmek wadasy bilen belledi


Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, Nýu Deli, 15-nji awgust, 2017
Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, Nýu Deli, 15-nji awgust, 2017

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň halkyny abadançylykly we bütewi ýurdy döretmek üçin özüne ýardam bermäge ündedi we korrupsiýany ýok etmegi hem hökümeti gowy dolandyrmagy wada berdi.

15-nji awgustda ýurduň Britaniýadan garaşsyzlygynyň 70-nji ýyl dönümini bellemek boýunça dabarada eden bir sagatlyk çykyşynda Modi onlarça ýyllap dowam eden korrupsiýanyň soňuna çykmak meselesinde aýdyňlyk getirmegi wada berdi.

“Biz umytsyzlykda önüp-ösen hem bolsak, emma häzir biz ynam bilen öňe tarap hereketlenmeli” diýip, Modi Nýu Delide eden çykyşynda aýtdy.

Modi öz hökümetiniň soňky aýlarda güýçlendiren tagallalarynyň çäginde garaşylmadyk derejede uly mukdarda nagt puluň üstüniň açylandygyny we harytlar hem hyzmatlar üçin salgytlaryň gaýtan gözden geçirilip, öň hasaplanylmadyk milliardlarça dollaryň ykdysadyýete çekilendigini aýtdy.

Şeýle-de Modi Pakistan we Hytaý bilen dartgynly gatnaşyklary başdan geçirýän Hindistanyň öz serhetlerini goramaga ukyplydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG