Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Özbegistanyň öňki hökümet resmisi 11 ýyl tussaglykdan soň boşadyldy


Özbegistanda BMG-niň öňki işgäri we hökümet resmisi Erkin Musaýew
Özbegistanda BMG-niň öňki işgäri we hökümet resmisi Erkin Musaýew

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň aýtmagyna görä, Özbegistanda BMG-niň öňki işgäri we hökümet resmisi 11 ýyllyk adalatsyz türme tussaglygyndan soň boşadylypdyr.

“Özbegistanda gynalan we 11 ýyllap adalatsyz tussag edilen” Erkin Musaýew 11-nji awgustda tussaglykdan boşadyldy diýip, HRW 16-njy awgustda çap eden beýanatynda aýtdy.

2006-njy ýylda tussag edilip, 2007-nji ýylda içalyçylykda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilen Musaýew prezident Şawkat Mirziýaýewiň karary bilen türmeden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG