Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan polisiýasy söweşijileriň hüjüminden soň köpçülikleýin mazarlary tapdy


Söweşijileriň hüjüminde wepat bolan adamlary jaýlamak boýunça çäre geçirilýär, Mirza Olang obasy, Sari Pul welaýaty, 16-njy awgust, 2017

Owganystanyň polisiýasynyň ýaňy-ýakynda söweşijileriň hüjümine sezewar bolan obada tapan köpçülikleýin mazarlarda öldürlen azyndan 36 adamyň jesedi tapyldy diýip, resmiler 16-njy awgustda habar berdiler.

Regional hökümetiň metbugat-wekili Zabihullah Amani Sari Pul welaýatynda üsti açylan mazarlaryň birinde 28 adamyň jesediniň, beýlekisinde 8 adamyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

“Pidalaryň köpüsiniň kellesi kesilen” diýip, owgan resmisi aýtdy we olaryň ählisiniň erkek adamlar bolup, üçüsiniň 8-15 ýaş aralygyndaky oglan çagalardygyny habar berdi.

Amaniniň sözlerine görä, üçünji köpçülikleýin mazar “Talybanyň” gözegçiligindäki giňişlikde galýar, howpsuzlyk güýçleri bolmagy ähtimal beýleki mazarlary gözleýärler.

Sari Pul welaýatynyň resmileri geçen hepdede Mirzawalang obasyna edilen hüjümde azyndan 62 adamyň wepat bolandygyny tassykladylar.

“Talyban” topary hüjümiň özi tarapyndan geçirilendigini we parahat ýaşaýjylary öldürmändigini aýtdy. “Yslam döwleti” (YD) topary 14-nji awgustda geçirilen hüjüme ýolbaşçylyk edendigini we 54 çemesi şaýy musulmany öldürendigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG