Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň internet prowaýderi Daily Stormer websaýtyň registrasiýasyny ýatyrandygyny aýdýar


Şarlotteswillde geçirilen protestler, Wirginia, ABŞ, 12-nji awgust, 2017.

Orsýetiň internet prowaýderi köpçüligiň üns merkezine düşen Daily Stormer atly neonasist websaýtyň Orsýetdäki registrasiýasyny ýatyrandygyny aýdýar. Bu çäräniň media gözegçilik edýän hökümet guramasynyň websaýtyň “ekstremist mazmunyna” seretmek barada eden talabyndan soň amala aşyrylandygy aýdylýar.

Domeinleri hasaba alýan Moskwada ýerleşýän Ru-Сenter atly guramasy özüne Roskomnadzor döwlet agentliginden Dailystormer.ru. domaini ýatyrmagyň mümkinçiligini öwrenmek barada resmi hatyň gowşandygyny 16-njy awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Daily Stormer Google and GoDaddy portallaryň oňa öz hyzmatlaryny bermekden ýüz öwürenden soň Dailystormer.com domaine bolan gözegçiligini şu hepdäniň başynda elden beripdi. Bu iri kompaniýalaryň karary websaýtda ABŞ-nyň Wirginia ştatynda jynsparazlyga garşy çykyş edip wepat bolan zenana garşy maglumatlaryň çap edilmegine garşy sosial mediada geçirilýän kampaniýa bilen bagly boldy.

Orsýetiň Ru-Center guramasynyň Dailystormer.ru websaýtyny 15-nji awgustda hasaba alandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG