Pakistan ABŞ-nyň Kaşmiriň “Hizbul-Mujahideen” atly separatist guramasyny terrorist gurama hökmünde häsiýetlendirmegini tankyt etdi we muny “doly adalatsyz” diýip atlandyrdy.
Döwlet departamenti 16-njy awgustda bu guramany terrorçy guramalaryň sanawyna goşdy we ýurduň raýatlaryna hem ýaşaýjylaryna bu gurama bilen iş salyşmagy resmi taýdan gadagan etdi, şeýle-de onuň ABŞ-nyň garamagyndaky giňişliklerde hasaplaryny doňdurdy.
“Biz ABŞ-nyň kararyndan aladalanýarys. Kaşmiriň öz ýoluny saýlamagyny goldaýan guramanyň terrorçy atlandyrylmagy doly adalatsyz” diýip, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Nafees Zakaria 17-nji awgustda Yslamabatda žurnalistlere aýtdy.
“Hizbul-Mujahideen” Kaşmirdäki iň uly söweşiji topar.
Iýul aýynda ABŞ-nyň häkimiýetleri guramanyň esaslandyryjysy we lideri Syed Salahuddini "global terrorçy" diýip atlandyrdy. ABŞ-nyň bu beýanaty Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Waşingtona saparynyň öňýanyna gabat geldi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?