Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ABŞ-nyň bir esgeri wepat boldy we birnäçesi ýaralandy


ABŞ-nyň harbylary, Kabul, 31-nji maý, 2017.

Owganystanda “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy geçirilen operasiýada ABŞ-nyň esgeri wepat boldy we birnäçe amerikan hem owgan esgerleri ýaralandy diýip, harbylar 17-nji awgustda habar berdiler.

Bu ýagdaý soňky ýylda Owganystanda wepat bolan ABŞ-nyň esgerleriniň sanyny 10 ýetirdi we geçen ýylda wepat bolan esgerleriň sanyndan aşandygyny görkezdi.

“Bir amerikan harby gullukçysy ABŞ-nyň we owgan güýçleriniň bilelikde gündogar Owganystanda geçiren operasiýasynyň dowamynda çarşenbe güni ýaralanyp, wepat boldy” diýip, ABŞ-nyň Owganystandaky güýçleriniň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň esgeri Kandaharda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjüminiň netijesinde wepat bolupdy.

Amerikan esgeriniň wepat bolmagy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Owganystanda “Talybana” hem YD toparynyň söweşijilerine garşy göreşe ýardam bermek üçin has köp goşun ibermek meselesine seredýän wagtyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG