Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti TOPH proýektini fransuz kompaniýasy bilen maslahat etdi


TOPH proýektiniň resmi belgisi
TOPH proýektiniň resmi belgisi

Türkmenistanyň prezidenti türkmen gazyny Pakistana we Hindistana eksport etmek boýunça TOPH proýektini durmuşa geçirmek barada Fransiýanyň CIFAL kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remi bilen maslahat etdi.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň habar bermegine görä, Aşgabatda geçirilen duşuşykda Žil Remi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini Owganystanyň we Pakistanyň territoriýasynda proýektirlemek boýunça Germaniýanyň LIF kompaniýasy bilelikde alyp barýan işleriniň gidişi barada hasabat beripdir.

Türkmenistanyň TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegine degişli meseleleri 14-nji awgustda Hindistan bilen maslahat etjekdigi habar berlipdi.

Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar. Aşgabat umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň 85%-ni maliýeleşdirmegi öz üstüne aldy.

Muňa garamazdan, gazgeçiriji proýektiň ulanyşa berliş möhleti şu ýylyň başynda yza tesdirilip, 2020-nji ýyla çenli yza çekdirildi.

XS
SM
MD
LG