Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bile harby türgenleşik geçirmegi planlaşdyrýar


Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Rus harbylary özleriniň, Owganystandaky uruşdan abanýan wehime jogap edip, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde harby manýowrlary geçirjeklerini aýdýarlar.

Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwada 18-nji awgustda Orsýetiň ýokary derejeli harbylary bilen geçirilen maslahatda owgan hökümet güýçleri bilen “Talyban” arasynda barýan konflikt Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky durnuklylyga wehim salýar diýdi.

Şoýgu Orsýetiň şu ýylyň aýagynda Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilen bilelikde uruş oýunlaryny gurnajakdygyny aýtdy. Orsýetiň Täjigistanda we Gyrgyzystanda harby bazalary bar.

Ol, mümkin bolan howp-hatarlara garşy durmaga taýýarlyk görmegiň çäginde, Orsýetiň şu ýylyň başynda Täjigistan bilen harby türgenleşik geçirendigini aýtdy.

Iýulda geçirilen türgenleşiklerde rus harby arsenalynyň iň kämil ýaraglarynyň biri bolan Iskander-M raketalary hem atyldy.

XS
SM
MD
LG