Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Owganystana goşmaça goşun ibermek kararyna gelmedi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp prezidentiň Kemp Deýwid gonalgasyna ugraýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp prezidentiň Kemp Deýwid gonalgasyna ugraýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp milli howpsuzlyk geňeşçileri tarapyndan hödürlenen teklipleri gözden geçireninden soň, Owganystana has kän amerikan esgerini ibermek barada karar kabul etmedi diýip, Ak tam 18-nji awgustda aýtdy.

Trampyň Merilandda, prezidentiň Kemp Deýwid gonalgasynda geňeşçiler bilen eden maslahatynda “Amerikanyň Günorta Aziýadaky bähbitlerini goramagyň täze strategiýasyny işläp düzmeklige” üns berildi diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Sarah Sanders žurnalsitlere aýtdy.

"Prezident öz mümkinçiliklerini öwrenýär we seljerýär, ol öz gelen kararyny amerikan halkyna, biziň ýaranlarymyza we dünýä öz wagtynda habar berer” diýip, Sanders aýtdy.

Tramp adminstrasiýasy öz içinde Owganystanda näme etmelidigi baradaky meselede bir pikire gelmekde kynçylyk çekýär.

Milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis we beýleki harby ýolbaşçylar Owganystandaky amerikan goşunlarynyň sanyny, häzir 8,400 bolanlygyndan, 3-5 müň esger aralygynda köpeltmek pikirini goldaýar.

Emma Ak tamadaky “anti-globalistler” ABŞ goşunlaryny ol ýerden çykarmagy ündeýärler diýip, resmiler aýtdy. Bu topara 18-nji awgustda işden çetleşdirilmezinden öň baş strateg Stiw Bannon ýolbaşçylyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG