Sepleriň elýeterliligi

Liwan goşuny Siriýa bilen serhedindäki YD jeňçilerine garşy hüjüme başlady


Liwan esgerleri. Arhiw suraty

Liwan goşuny 19-njy awgustda “Yslam döwleti” toparynyň Siriýa bilen demirgazyk-gündogar serhedinde ornaşan jeňçilerine garşy uzak garaşylan kampaniýa başlandygyny yglan etdi.

Edil şol wagtda Liwanyň şaýy Hizbulla topary hem siriýa goşunlary bilen bilelikde, front liniýasynyň Siriýa tarapyndan, günbatardaky Kalamun daglygynda harby operasiýa başlandygyny yglan etdi.

Liwan goşuny YD toparyna öz territoriýasynyň içinden hüjüm edýändigini we bu operasiýada Hizbulla ýa-da siriýa goşuny bilen gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Liwan goşunynyň sözçüsi telewideniýede berlen habarda bu operasiýanyň liwan-siriýa serhedi ekstremist toparyň kontrollygyndan doly çykarylýança dowam etdiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG