Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda eýesiz jandarlaryň ilkinji merkezi hasaba alyndy


Aşgabatda köçä kowlan it
Aşgabatda köçä kowlan it

Türkmenistanda eýesiz it-pişikler üçin ilkinji penahana resmi taýdan hasaba alyndy diýip, “RIA Nowostiniň” Aşgabatdaky habarçysy Amangeldi Nurmyradow ýekşenbe güni Türkmenistanyň “Oriýent” habar saýtyna salgylanyp habar berdi.

Eýesiz jandarlara hemaýat merkezi bolmaly “Umyt adasyna” kinologiýa ugrundan hususy kärhana açmaga rugsat berildi, onuň ýuridiki adresi hasaba alyndy we bank hasaby açyldy.

Türkmenistandaky täze kärhananyň inisiatory Aşgabadyň etegindäki bagçylyk posýologynyň ýaşaýjysy Tatýana Galberg, häzir onuň bagçylyk uçastogynda köçeden ýygnalan 100-den gowrak it, 50 çemesi pişik bar. Oňa adamsy Nikolaý we gyzlary Irina we Katýa kömekleşýär diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda soňky ýyllar ykdysady kynçylyklar, hususy jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagy bilen baglylykda eýesiz it-pişikleriň köpelendigi, ýerli häkimiýetleriň ol jandarlary zäherläp ýa urup-ýenjip öldürilýändigi hakynda habarlar çykdy.

XS
SM
MD
LG