Birleşen Ştatlar 23-nji awgustdan başlap Orsýetdäki missiýalarynyň “immigrasiýa üçin bolmadyk wizalara degişli ähli operasiýalarynyň” togtadylýandygyny aýtdy we munuň Orsýetiň ABŞ-nyň diplomatik missiýalarynyň işgärleriniň sanyny çäklendirmek boýunça çäresi bilen baglydygyny belledi.
ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçihanasynyň 21-nji awgustda ýaýradan bu beýanatynda operasiýalaryň Moskwada 1-nji sentýabrda dikeldiljekdigi mälim edildi.
Emma maglumata görä, ABŞ-nyň Sankt Peterburgdaky, Ýekaterinburgdaky we Wladiwostokdaky ilçihanalarynda wiza bermek işi takyk edilmek wagt möhletine çenli bes ediler.
“Orsýetiň ABŞ-nyň bärde diplomatik wekilhanalaryny çäklendirmek karary Orsýetiň gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna çynlakaý garamagyny sorag astyna goýýar” diýlip, beýannamada aýdylýar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçihanasynyň 1200 çemesi işgäriniň sanyny 755 adamlyk azaltmagy geçen aýda karar etdi.
Orsýet ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny azaltmak barada eden talabyny Waşingtonyň sanksiýalary girizmek hakynda täze kanuny kabul etmegine jogap hökmünde yglan etdi.