Barselonada 13 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümçini gözlemek boýunça işler tutuş Ýewropa ýaýbaňlandy diýip, Ispaniýanyň Kataloniýa regionynyň hökümeti habar berdi.
Ispaniýanyň demirgazyk regionynyň içeri işler boýunça resmisi Joakuim Fornyň 21-nji awgustda aýtmagyna görä, “bar subutnamalar” märekäniň üstüne süren ulagyň sürüjisiniň 22 ýaşly marokkoly Younes Abouýakoubdygyny görkezýär.
Häkimiýetler Abouýaakoubyň ýurduň daşyna, Frasiýa geçendigini anyk aýdyp bilmeýändigini belleýärler.
17-nji awgustda Barselonada bolan hüjümiň yzýany ýene bir hüjüm Kabrilis atly ýerde amala aşyryldy, hüjümçileriň märekäniň üstüne awtoulagyny sürüp adamlary pyçaklap başlamagy zerarly bir zenan wepat boldy.
21-nji awgustda bolan hüjüm zerarly wepat bolanlaryň sany 15 adama ýetdi.
20-nji awgustda polisiýa terrorçy bolmakda güman edilýän 12 adamyň, şol sanda Abouýaakoubyň gözlenýändigini mälim edipdi. Hüjümçilerden dört adam tussag edildi we bäş adam Kambrilisde atylyp öldürildi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.