Sepleriň elýeterliligi

Tramp ABŞ-nyň Owganystan boýunça strategiýasyny mälim eder


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Ak Tam prezident Donald Trampyň 21-nji awgustda etjek halka ýüzlenmesinde “Amerikanyň Owganystan we Günorta Aziýa boýunça ädimleri barada” düşündiriş berjekdigini aýtdy.

Ak Tamyň beýanatyna görä, Tramp Waşingtonyň golaýyndaky Fort Myer harby bazasynda çykyş eder. ABŞ-nyň liderleriniň Owganystan boýunça göz öňünde tutýan çäreleri ýurtdan doly çekilmek ýa-da goşunynyň düzümini artdyrmak we “Talybana” hem beýleki söweşijilere garşy owgan hökümetiniň alyp barýan göreşine berýän ýardamyny güýçlendirmek ýaly mümkinçilikleri öz içine alýar.

20-nji awgustda Iordaniýa eden saparynyň dowamynda ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Owganystana degişli täze strategiýa boýunça harby liderler bilen ylalaşdy, emma detallary mälim etmekden saklandy.

“Prezident karara geldi. Onuň aýdyşyna görä, ol bu barada amerikan halkyna özi aýtmak isleýär” diýip, Jim Mattis aýtdy.

XS
SM
MD
LG