Sepleriň elýeterliligi

Italiýa: Ýer yranmasynda ýumrulan jaýda galan iki çaga gözlenýär


Isçia adasynda bolan heläkçilikli ýer yranmasy zerarly ençeme bina ýumruldy, Neapol, 22-nji awgust, 2017.

Italiýanyň halas edijileri Neapolyň golaýynda Isçia adasynda bolan heläkçilikli ýer yranmasy zerarly zir-zibilleriň aşagynda galan iki çagany gözläp tapmaga synanyşýarlar.

21-nji awgustda meşhur dynç alyş zolagynda bolan 4.0 magnitudaly ýer yranmasynyň netijesinde azyndan iki zenan wepat boldy we onlarça adam ýaralandy. Ençeme bina ýumruldy.

Habar berilişine görä, 7 we 11 ýaşyndaky iki çaga La Rita şäherinde ýumrulan hususy jaýyň galyndylarynyň aşagynda galypdyr.

Ýedi aýlyk bäbek, onuň kakasy we iki zenan hususy jaýyň galyndylarynyň aşagyndan çykarylypdyr.

XS
SM
MD
LG