Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet hökümetine garşy çykyş eden teatr ýolbaşçysy Serebrennikow tussag edildi


Moskwadaky Gogol merkezi atly teatryň çeper ýolbaşçysy Kirill Serebrennikow
Moskwadaky Gogol merkezi atly teatryň çeper ýolbaşçysy Kirill Serebrennikow

Orsýetiň ady belli teatr ýolbaşçysy we hökümete garşy protest eden Kirill Serebrennikow helegärlige baş goşmakda aýyplanyp, tussag edildi diýip, orsýet resmileri habar berdiler.

Derňew komitetiniň 22-nji awgustda aýtmagyna görä, Moskwadaky Gogol merkezi atly teatryň çeper ýolbaşçysy we Ýedinji studiýa atly drama toparynyň esaslandyryjysy Serebrennikow 2011-2014-nji ýyllaryň arasynda proýekt üçin niýetlenen 68 million rubl (1.1 million amerikan dollary) möçberinde puldan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

Agzalan maliýe serişdesi “sungaty ösdürmek we ýaýratmak” üçin hökümetiň maliýe goldawy hökmünde berlipdi.

47 ýaşly Serebrennikowa 10 ýyl türme tussaglygy abanýar.

XS
SM
MD
LG