Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň geňeşçisi ABŞ-nyň gündogar Ukraina boýunça ýörite wekili bilen gepleşigiň 'konstruktiw' bolandygyny aýtdy


Kremliň gündogar Ukraina boýunça geňeşçisi Wladislaw Surkow (ç) we ABŞ-nyň gündogar Ukrainada boýunça täze ýörite wekili Kurt Volker (s)
Kremliň gündogar Ukraina boýunça geňeşçisi Wladislaw Surkow (ç) we ABŞ-nyň gündogar Ukrainada boýunça täze ýörite wekili Kurt Volker (s)

Kremliň geňeşçisi ABŞ-nyň gündogar Ukrainada konfliktiň soňuna çykmak boýunça täze ýörite wekili bilen geçiren gepleşigi barada optimistik çykyş etdi we taraplaryň “konstruktiw” duşuşykda “täze ideýalary” maslahat edendigini mälim etdi.

ABŞ-nyň wekili Kurt Wolker Kremliň gündogar Ukraina boýunça wekili Wladislaw Surkow bilen 21-nji awgustda Belarusyň paýtagty Minskde ýapyk gapylaryň aňyrsynda duşuşdy.

Surkow Wolker bilen gepleşiginde Ukrainadaky häzirki ýagdaýyň kabul ederlikli däldigi we “parahatçylyk prosesiniň syýasy ugurdan, şeýle-de howpsuzlyk taýdan has tiz öňe gitmelidigi” barada ylalaşylandygyny aýtdy.

Wolker duşuşygyň yzýany çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG