Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu: Eýranyň Siriýadaky harby gatnaşygy dünýä howp salýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu) Russiýanyň prezidenti Wladimir Putina Eýranyň Siriýadaky harby gatnaşygy “Ysraýyla, Ýakynda Gündogara we tutuş dünýä howp abandyrýar” diýdi.

Bu barada Netanýahu Putin bilen 23-nji awgustda Gara deňziň kenaryndaky Soçi şäherinde geçiren duşuşygynda aýtdy.

“Biz Eýranyň Ysraýyly ýok etmäge her gün howp abandyrýandygyny ýekeje minut hem ýatdan çykaryp bilmeris. [Eýran] terrorçy guramalary ýaraglandyrýar we goldaýar” diýip, Netanýahu belledi.

Russiýa we Eýran siriýaly pitneçilere garşy alty ýyl bäri dowam edýän raýat urşunda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýarlar.

Ysraýylyň duşmany diýilýän Eýran Netanýahunyň Tähranyň ýewreý döwletiniň serhetlerinde öz harby gatnaşygyny güýçlendirmäge çalyşýandygy barada yzygiderli edýän çykyşlaryna henize çenli jogap bermän gelýär.

Ýakynda Ysraýylyň mediasy Eýranyň Siriýada we Liwanda gurmaga ýardam berýändigi aýdylýan ýarag zawodlarynyň kosmosdan düşürilen suratlaryny ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG