Sepleriň elýeterliligi

Daniýa: Tapylan jesediň DNA-sy ýitirim bolan žurnalistiň bilen utgaşýar


Daniýaly inwentor, oýlap tapyjy Peter Madsen we Daniýanyň howpsuzlyk işgärleri. 11-nji awgust, 2017 ý.

Daniýanyň kenaryndaky suwlarda tapylan kellesiz jesediň ýitirim bolan şwed žurnalistine degişlidigi anyklandy diýip, polisiýa habar berýär.

“Tapylan jesediň DNA-sy Kim Wallyňky bilen utgaşýar” diýip, Daniýanyň polisiýasy 23-nji awgustda Twitter sosial ulgamynda mälim etdi.

Bu jeset 21-nji awgustda Kopenhageniň günorta kenaryndan 50 kilometr uzaklykdaky suwda tapylypdy we polisiýa onuň kellesiniň, aýaklarynyň bilkastlaýyn kesilendigini aýdypdy.

30 ýaşyndaky Wall 10-njy awgustda interwýu almak üçin daniýaly inwentor, oýlap tapyjy Peter Madseniň suwasty gämisine müneli bäri köpçülikde görünmändi.

Şondan bir gün soň, žurnalistiň ýitirim bolandygy we Madseniň öýde ýasalan suwasty gämisi batmazdan öň halas edilendigi habar berildi.

Ilkibada Madsen Wally bir adada gämiden düşürendigini aýtdy, emma soňra ol onuň gämidäki hadysada heläk bolandygyny we şondan soň onuň jesedini deňze oklandygyny mälim etdi.

Madsen özüniň ýalňyş hiç zat etmändigini aýdyp, günäsiniň ýokdugyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG