Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina garaşsyzlyk senesini belleýär


Ukraina garaşsyzlyk senesini harby parad bilen belleýär, Kiýew, 24-nji awgust, 2017.
Ukraina garaşsyzlyk senesini harby parad bilen belleýär, Kiýew, 24-nji awgust, 2017.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis we beýleki ýurtlaryň goranmak ministrleri Ukrainanyň garaşsyzlyk gününi bellemek üçin Kiýewde duşuşdylar.

Mattisiň we Estoniýanyň, Gürjüstanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň, Çernogoriýanyň we Polşanyň goranmak ministrleriniň 24-nji awgustda Kiýewde geçirilýän harby parada gatnaşjagy aýdyldy.

ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we goranmak ministri Stepan Poltorak bilen duşuşjagy hem aýdyldy.

Dabaranyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Poroşenko iberen gutlag hatynda ABŞ-nyň Ukrainanyň “özbaşdaklygyny we bütewüligini”, şeýle-de “hakyky Ýewropa ýurdy bolmak ymtylmalaryny” goldamagyny dowam etdirjekdigini aýtdy diýlip, Ukrainanyň prezidentiniň websaýtynda aýdylýar.

Ukrainanyň Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi bilen bir wagtda ýurduň gündogarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelindi.

XS
SM
MD
LG