Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Prednestrowýeden öz goşunyny çykarmak hakynda Moldowanyň çagyryşyny ret etdi


Moldowanyň Prednestrowýe regionynyň paýtagty Tiraspol
Moldowanyň Prednestrowýe regionynyň paýtagty Tiraspol

Orsýetiň BMG-däki ilçisi indiki aýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda Prednestrowýe regionyndan orsýet goşunlaryny çykarmak meselesine garamak hakynda Moldowanyň hökümetiniň 23-nji awgustda eden çagyryşyny ret etdi.

Ilçi Wasiliý Nebenzya bu çagyryşy “gyssagly hereket” diýip atlandyrdy we “onçakly dostlukly däl” diýdi.

Moldowanyň parlamentiniň spikeri Andrian Kandu Moldowanyň BMG-däki hemişelik wekili Wiktor Morarunyň BMG-ä resmi ýüzlenmäni gowşurandygyny 23-nji awgustda Faсebook arkaly tassyklady.

“25 ýylyň dowamynda Orsýet Federasiýasy ýurdumyzyň territoriýasynda parahatçylygy döredijilik missiýasy hökmünde öz goşunlaryny, harby enjamlaryny we ýaraglaryny ornaşdyryp, bizi gorkuzyp geldi” diýip Kandu öz maglumatynda ýazdy.

XS
SM
MD
LG