“Karabag” futbol kluby Çempionlar ligasynyň toparlar tapgyryna geçmegi başaran ilkinji azerbaýjanly futbol komandasy boldy.
“Karabag” 23-nji awgustda geçirilen oýunda Kopengagenden 2:1 hasap bilen utuldy, emma komandalaryň arasyndaky iki matçda has köp gol gazanmagy başarandygy sebäpli öňe saýlandy.
“Karabag” 15-nji awgustda Bakuwda Kopengagenden 1:0 hasap bilen üstün çykypdy.
Futbol kluby Çempionlar ligasynyň seçgisine dördünji gezek ýetýär, emma hiç wagtda üçünji tapgyrdan öňe geçmändi.
“Karabag” komandasy öň Daglyk Garabagda Agdamda ýerleşipdi, emma 1993-nji ýylda urşuň dowamynda Ermenistanyň goldawyna daýanýan güýçler Daglyk Garabagy öz gözegçiligine alandan soň Bakuwda ýerleşipdi.
aňy alnan, familisýasyny düzedip bilmeýän millet azat jemgyýet gurup bilmez.