Sepleriň elýeterliligi

Sargisýan: Türkmen prezidenti köp milliardlyk proýektler barada oýlanýandygyny aýtdy


Ermenistanyň prezidenti Serž Sargisýan (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow (ç)

Ermeni tarapy gepleşikleriň netijelerinden kanagatlandy diýip, Ermenistanyň prezidenti Serž Sargisýan 24-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň jemleri barada bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Gepleşikleriň dowamynda birnäçe ugurdan ikitaraplaýyn gatnaşygy düzgünleşdirýän dokumentleriň uly toplumyna gol çekildi, iki döwletiň bilelikdäki beýannamasy kabul edildi. Jenap prezident bilen biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň perspektiw ugurlaryna aýratyn üns berdik. Gynansak-da global bazarlardaky amatly bolmadyk ýagdaý şeýle-de biziň söwda dolanyşygymyza täsir ýetirdi. Bu ýagdaýda biz ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga we aragatnaşyk üçin täze derejelere çykmak üçin itergi bermek üçin mümkin ýollary we bar bolan rezerwleri maslahat etdik. Şu günki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ýagdaýy düzetmäge ýol berjegine bil baglaýarys” diýip, Ermenistanyň prezidenti aýtdy.

Sargisýan, taraplaryň umumy pikirine görä, ykdysady hyzmatdaşlygyň bilelikdäki proýektler, kooperasiýa bilen üsti ýetirilmeli we täze döwrüň ösen tehnologiýalaryna aýratyn üns berilmeli diýdi.

Ermenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda göni uçar gatnawyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerine degişli mesele hem ara alnyp maslahat edilipdir.

“Biz bu ugurdan biziň türkmen dostlarymyza Ermenistanda durmuşa geçirilýän “açyk asman” syýasatynda göz öňünde tutulýan ähli ýeňillikleri döretmäge taýýar” diýip, Serž Sargisýan aýtdy.

Şeýle-de Ermenistanyň prezidenti Türkmenistanyň prezidenti bilen geçiren gepleşiklerinde hyzmatdaşlygyň adaty ugurlaryna, şol sanda energetika degilip geçilendigini belledi we bu ugurdan “netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada” ylalaşylandygy aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, Ermenistan we Türkmenistan bilim pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirip, student we mugallym alyşmak boýunça programmany durmuşa geçirerler. Şeýle-de taraplar daşary syýasatda “dürli köp taraplaýyň formatlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” barada hem ylalaşypdyr.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýerewandaky gepleşikleriň jemleri barada eden çykyşynda taraplaryň halkara howpsuzlygyna wehim salýan howp-hatarlara, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş babatynda tagallalary mundan beýläk hem jebisleşdirmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

Berdimuhamedow ermeni kärdeşini Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistana 23-nji awgustda resmi sapara bardy. Bu prezident Berdimuhamedowyň Ermenistana ikinji sapary bolup, şu aýyň başynda Azerbaýjana eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan öň ol Ýerewana 2012-nji ýylyň noýabrynda sapar etdi we sapar netijesinde ençeme hökümetara dokumente gol çekildi, şol sanda iki ýurduň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk we oba hojalygy ugrundan hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk baglaşyldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG