Sepleriň elýeterliligi

Kabulyň merkezinde şaýy metjidine hüjüm edildi


Kabul

Owganystandan gowuşýan maglumata görä, Kabulyň merkezinde şaýy metjidine ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm edilipdir.

Ady agzalmadyk polisiýa wekili şaýatlara salgylanyp, partlamanyň yzýany ok atyşygyň bolandygyny habar berdi.

Pidalar barada dessine maglumat berilmedi.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

1-nji awgustda Herat şäherinde ýaragly adamyň şaýy metjidine eden hüjümi zerarly azyndan 32 adam wepat boldy we 60-dan gowrak adam ýaralandy. Şol hüjümi “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG