Sepleriň elýeterliligi

Krym regionynda awtobusyň deňze gaçmagy zerarly 16 adam wepat boldy


Deňze gaçan awtobus suwdan çykaryldy, Wolna, Krasnodar regiony, 25-nji awgust, 2017

Orsýetiň häkimiýetleri Krym regionynda gurluşyk işçilerini alyp barýan awtobusyň deňze gaçmagy zerarly azyndan 16 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

Federal derňew komitetiniň aýtmagyna görä, heläkçilik 25-nji awgustda ýerli wagt bilen ir sagat sekiz töwereginde Krasnodarskiý kraý regionynda Taman ýarymadasynda gurluşykda işleýän işçileri alyp barýan awtobusyň suwa gaçmagynyň netijesinde emele geldi.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň regional bölüminiň resmisi 16 adamyň wepat bolandygyny, 24 adamyň “halas edilendigini”, olardan sekiz adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy. Deňze gaçan awtobusyň suwdan çykarylandygy aýdylýar.

Orsýet Taman ýarymadasyndan Kryma tarap köpri gurýar. 2014-nji ýylda Moskwa Krymy Ukrainadan bölüp öz düzümine goşdy.

XS
SM
MD
LG