Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan Gülnara Karimowanyň Moskwadaky emlägini tussag etmegi sorady


Gülnara Karimowa

Özbegistanyň Baş prokuraturasy Orsýetiň häkimiýetlerinden öňki prezident Yslam Kerimowyň gyzy Gülnaranyň hususy emlägini tussag etmegi sorady.

Orsýetiň Baş prokuraturasy Özbegistanyň talabyny öwrenýändigini 24-nji awgustda aýtdy, emma goşmaça maglumat bermedi.

Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň geçen aýda aýtmagyna görä, Karimowa 2015-nji ýylda tussag edileli bäri türmede saklanýar we dowam edýän derňewleriň gidişinde oňa goşmaça aýyplamalar ýöňkeldi.

Baş prokuraturanyň 28-nji iýulda çap eden beýannamasynda, Karimowanyň 12 ýurtdaky 15 milliard dollarlyk baýlygyny, şol sanda Moskwadaky emlägini, myhmanhanany, jaýlary we ýer giňişliklerini tussag etmek üçin mümkinçilik gözleýändigi mälim edildi.

45 ýaşly Karimowa öz wagtynda moda dizaýneri, pop aýdymçysy, BMG-niň Ženewadaky agentliklerinde ilçi bolupdy we öz kakasynyň syýasy mirasdüşeri hasaplanypdy.

XS
SM
MD
LG