Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Aziadanyň ody 7-nji sentýabrda, "Galkynyş" käninde ýakylar


Aziadanyň lybaslary

Türkmenistan sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli, 7-nji sentýabrda ýene birnäçe çäre geçirmegi planlaşdyrýar.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy bu meselä hökümet maslahatynda garalandygyny habar berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde aýdan sözlerine görä, 7-nji sentýabrda, ýagny V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galanda ýene-de ençeme çäre geçiriler.

Şol gün “Galkynyş” gaz käninde Aziadanyň "mukaddes ody ýakylar" we Aşgabada, V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna getiriler.

Şeýle-de prezident şol gün irden Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler bilen duşuşyp, olara ýaryşlarda üstünlik gazanmagyň arzuw ediljekdigini aýtdy.

Mundanam başga, şol ýerde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň heýkeliniň we Olimpiýa şäherçesindäki sportuň suw görnüşleri merkeziniň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky güwänamalaryň gowşurmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan ozal Aziadanyň başlanmagyna 50, 30 gün galmagy mynasybetli hem köpçülik çärelerini, awtoulagsyz günleri we tigir sürüşlikleri gurnapdy.

Türkmenistanyň prezidenti hökümet maslahatlarynda köplenç köpçülik çärelerini we baýramçylyklary ýokary guramaçylykda, uly türkmen toýy görnüşinde geçirmegi talap edýär.

Ýerli synçylar adamlaryň bu hili mejbury çärelerden ýadandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG