Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylar Gurban baýramynda üç gün işlemesiz edildi


Aşgabat, baýramçylyk bezegi. 17-nji oktýabr, 2013.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sentýabryň başky günlerine düşýän Gurbanlyk baýramyna gabat üç güni- 2-nji, 3-nji, 4-nji sentýabry iş güni däl diýip yglan etmek baradaky buýruga gol çekdi.

Dokumente laýyklykda, 3-nji sentýabra düşýän ýekşenbe güni 5-nji sentýabra—sişenbe gününe geçirildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu buýrugy, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar we guramalar ýerine ýetirer.

Metbugatda kararyň “türkmen halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny aýawly saklamak maksady bilen” kabul edilendigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG